Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň takmyny wagty belli boldy

16:0506.06.2020
0
7672

Aziýanyň futbol konfederasiýasy FIFA-nyň maslahaty bilen Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşyklarynyň takmyny wagtyny kesgitledi. Konfederasiýa resmi saýtynda ozalky meýilnama boýunça mart we iýun aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen duşuşyklary öňümizdäki güýzde geçirmek mümkinçiliginiň bardygyny ýazýar.

Şeýlelikde, saýlama ýaryşyň «H» toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen myhmançylykda boljak duşuşygyny 8-nji oktýabrda geçirip biler. 13-nji oktýabrda bolsa milli ýygyndymyz Aşgabatda Liwanyň ýygyndysyny kabul eder. Ikinji saýlama tapgyryndaky KHDR-nyň futbol ýygyndysy bilen boljak ahyrky duşuşygymyzyň 17-nji noýabrda geçirilmegine garaşylýar.

Ýokarda görkezilen wagtlaryň hem heniz takmyny wagtdygyny ýatladýarys. AFK şol günlerde Ýer ýüzünde saglyk bilen bagly ýagdaýlaryň kadalaşyşyna görä, bu seneleri has takyklaşdyrar.

Häzir ýurdumyzyň futbol ýygyndysynyň 9 utuk bilen «H» toparçanyň başyny çekýändigini ýatladýarys. Ildeşlerimiziň toparçadaky garşydaşlary Koreýa Respublikasynyň, KHDR-nyň, Liwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň