Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022 üçin niýetlenen üçünji stadionyň gurluşygy tamamlandy

23:3605.06.2020
1
3679

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionaty üçin niýetlenilen stadionlaryň üçünjisiniň gurluşygy tamamlandy diýip, «Gulf Times» neşiri habar berýär.

45,350 tomaşaça niýetlenilen täze stadion «Edýukeýşn Siti» diýlip atlandyrylýar. Er-Raýýan şäherinde gurlan bu ajaýyp toplum daşky görnüşi boýunça almaz daşyny ýatladýar. Uniwersitet şäherçesiniň merkezinde gurlan stadionyň resmi açylyş dabarasy 15-nji iýunda geçiriler.

Mundan ozal Katarda dünýä çempionaty üçin niýetlenen stadionlaryň ikisiniň gurluşygynyň tamamlanandygyny ýatladýarys. Olar Dohadaky «Halifa» we El-Wakradaky «Al-Janub» stadionlarydyr. Stadionlaryň ählisinde howanyň derejesiniň 27 gradus maýyllykda bolmagy üpjün edilýär.

Katardaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry ― 18-nji dekabry aralygynda ýedi şäherde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň