Türkmenistanyň Prezidenti: «Syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan hususy kärhanalary goldamaly»

23:2005.06.2020
0
6717

5-nji iýunda ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow degişli wise-premýere telekeçilik pudagyny ösdürmegi höweslendirmek boýunça görkezmeleri berdi ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri işläp taýýarlamagy we degişli teklipleri bermegi tabşyrdy.

Kiçi we orta telekeçilige, hususan-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maliýe hem-de maddy-tehniki taýdan kömek bermeli diýip milletiň Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň öz işini bes etmegi bilen ýurtda bu işi indi hususyýetçiler alyp barýar. Şeýlelikde, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kompaniýalaryň sany barha artýar. Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, işleriniň has ugrukmagy üçin olara mundan beýläk hem ýardam berler. Çünki ösen syýahatçylyk döwletiň ösüşleriniň uly bir ugrudyr. Häzir birnäçe döwletde bu işe aýratyn üns berlip, diňe syýahatçylaryň üsti bilen ummasyz girdeji gazanylýar. Syýahatçylyk mümkinçilikleri baý Türkmenistanda hem bu işi göwnejaý ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk önümlerini öndürmek, gök we miwe önümlerini saklamaga niýetlenen senagat sowadyjylaryny gurmak üçin hususy oba hojalyk kärhanalarynyň işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň