“Barselonanyň” ýyldyzy ABŞ-nyň çempionatynda oýnamak isleýändigini aýtdy.

19:3005.06.2020
0
1037

“Barselona” toparynyň fransuz ýyldyzy Antuan Grizmann hem Dewid Bekhem, Tierri Anri, Dawid Willa, Zlatan Ibrahimowiç, Andreo Pirlo ýaly ägirtleriň ýoluna eýermekçi bolýar. Ol ýene-de 2 ýyldan soň, karýerasyny ABŞ-nyň çempionaty MLS-de dowam etdirmek isleýändigini aýtdy. Dünýä çempiony bolan futbolçy amerikan metbugatyna beren beýanatynda: “Barselona bilen La Ligada hemem Çempionlar ligasynda kubok galdyranymdan soň, täze maksatlaryma sary ädim ätmek isleýärin. 2022-nji ýyldaky Dünýä Kubogyndan soň, ABŞ-nyň çempionatynda oýnamakçy. Haýsy topardygy belli däl. Ýöne MLS-de oýnamagy arzuw edýärin” diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň