“Toyota Hilux” täzelendi

18:4105.06.2020
0
499
“Toyota Hilux” täzelendi

Ýapon kompaniýasynyň çöllerden buzluk ýerlere çenli dürli howa we toprak şertlerinde sürmäge niýetlenen “Toyota Hilux” awtoulagy täzelendi. Ilkinji gezek 1968-nji ýylda satuwa çykarylan model kompaniýanyň iň şowly ulaglarynyň biri hasaplanýar. Geçen ýyl dünýäniň iň kyn rallisi hasaplanýan Dakar Rallisinde hem baýrak almaga mynasyp bolan ulagyň täzelenen görnüşi baraba maglumat berildi. “Invincible” atly täze görnüşi ýörite dizaýny we ýokary derejeli enjamlaşdyrylyşy bilen tapawutlanýar. Täze “Hilux” ýylyň ahyrynda Ýewropa ýurtlarynda satuwa çykarylar. Üç görnüşli reňkde boljak ulagyň tigirleriniň ululygy 18 dýuýmlyk bolup, içki multimediýa ulgamy adaty düwmeler bilen üpjün edilipdir. Sensorly düwmeden tapawutlylykda basylýan adaty düwmeler belentli-pesli ýollarda has aňsatlyk bilen ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, “Apple CarPlay” we “Android Auto” ulgamy bilen üpjün edilipdir. Täze ulag islendik nätekiz ýolda rahatlygy üpjün edýän, şassiniň üstüne ýerleşdirilen goşmaça gurluş bilen üpjün edilipdir. Täze “Hilux”-yň ýük göterijiligi 1 tonna we tirkeg çekiş güýji 3,5 tonna barabar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň