Elektrik welosipedleriniň sany artýar

18:2705.06.2020
0
699

Dünýäde elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriň sany barha artýar. Sürmek üçin has amatly bolan şeýle ulaglaryň her günde diýen ýaly täze görnüşi taýýarlanýar. Ýewropa ýurtlarynda öndürilýän “The Cowboy” şereketi hem täze welosipedini tanyşdyrdy. Şäher içinde sürmäge niýetlenen bu ulagyň oturgyjynyň aşagynda aýryp bolýan batareýa ýerleşdirilipdir. Onuň tigirleri zynjyryň deregine kemer bilen aýlanýar. Ulagyň tigirleri ýarylmaýan materialdan öndürilipdir. Welosiped bir gezekki zarýady bilen 70 km töweregi ýol geçýär. Agramy batareýasy bilen bilelikde 16,9 kg-a barabar. Pedaly aýlananda sagatda 20 km tizlik bilen hereket edýän ulag baradaky maglumatlary “Android” we “iOS” enjamlary arkaly görüp bolýar. Sensorlar bilen enjamlaşdyrylan welosiped haýsydyr bir zada gaty golaýlaýandygyňy duýdurýan howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň