Mary welaýatynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Mary zolagynyň ýaryşlaryna badalga berildi diýip, «Türkmen sporty» habar berýär.
Çempionata welaýatyň dürli ýerlerinden toparlaryň 5-si gatnaşýar. Olar Baýramaly etrap Sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň «Hereket», Türkmen döwlet energetika institutynyň «Kuwwat», Mary etrap Sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň «Peşanaly», Sakarçäge etrap SÝSM-niň «Marguş» hem-de Wekilbazar etrap SÝSM-niň «Dostluk» toparlarydyr.