Dünýäniň iň joşgunly, şowhunly stadionlary

18:3104.06.2020
0
1133

Fransiýanyň dünýä belli futbol žurnaly “France Football” Ýer şarynyň iň öňdebaryjy şowhunly, joşgunly stadionlarynyň sanawyny okyjylar köpçüligine ýetirdi. Sanawda 1-nji orny Buenos Aýresdaki “Bombonera” diýlip bilinýän “Boko Huniors” toparynyň “Estadio Alberto J. Armando adyndaky meşhur stadiony eýeleýär. Bu stadionda garşydaş toparyň oýunçylaryna ýeňiş gazanmak hemişe kyn düşýär. Janköýerler bu stadionda öz toparlaryna berýän goldawlaryny birjik hem peseldenoklar. 2-nji basgançakda “Anfild” stadiony bolup, “Liwerpulyň ölemen janköýerleriniň barýan stadionynda “You Will Walk Never Alone” atly sena öwrülen aýdymy hemişe eşitmek bolýar. Janköýerler tarapyndan özboluşly horeografiýalar bilen bezelýän “Signal Iduna Park” stadiony sanawda 3-nji hatarda. “Borussiýa Dortmund” toparynyň stadiony ähli duşuşyklarda diýen ýaly janköýerlerden dolmagy bilen hem tapawutlanýar. Başgaça aýdylanda stadion 100 göterime golaý dolýar. 4-nji ýerde Belgraddaky Raýko-Mitiçiň adyny göterýän stadion bolup, bu desga “Srwena Zwezda” toparynyň ölemen janköýerleri üçin diýseň ähmiýetlidir. Islendik duşuşykda alaw ýakylýan stadionda janköýerler bir minut durman öz toparlaryna uly galmagal bilen goldaw berýärler. Aýratynam ezeli bäsdeşleri Partizan bilen geçirýän duşuşyklarynda. 5-nji hatardaky stadionyň ady Seltik Park bolup, Glazgodaky bu stadionda Seltik topary öz duşuşyklaryny geçirýär.

 

1. La Bombonera – “Boko Huniors” (Argentina)

2. Anfild – “Liwerpul” (Angliýa)

3. Signal Iduna Park – “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa)

4. Raýko-Mitiç stadiony – “Srwena Zwezda” (Serbiýa)

5. Seltik Park – “Seltik” (Şotlandiýa)

6. Estadio Monumental – “Riwer Pleýt” (Argentina)

7. Vodafone Park – “Beşiktaş” (Türkiýe)

8. Stade Karaiskakis – “Olimpiakos” (Gresiýa)

9. San Mames – “Atletik Bilbao” (Ispaniýa)

10. Maracana – “Flamengo”, “Fluminense” (Braziliýa)

11. Türk Telekom Arena – “Galatasaraý” (Türkiýe)

12. De Kuip – “Feýenoord” (Niderlandlar)

13. San Paolo – “Napoli” (Italiýa)

14. Orange Velodrome – “Marsel” (Fransiýa)

15. Geoffrey-Guichard – “Sent Etien” (Fransiýa)

16. Stade International Caire – “Al-Ahli” (Müsür)

17. Ülker Şükrü Saraçoglu – “Fenerbahçe” (Türkiýe)

18. Mestalla – “Walensiýa” (Ispaniýa)

19. Stade Toumba -  PAOK (Gresiýa)

20. Stade Mohammed-V – “Raja Kazablanka” (Marokko)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň