Soňky habarlar

Arhiw

Halkara bilermenler türkmen žurnalistleri bilen pikir alyşýar

15:3304.06.2020
0
743

Şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmaga degişli teklipler boýunça 2-nji iýunda öz işine başlan okuw maslahatynyň jemleýji maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda halkara bilermenler — Russiýanyň telewideniýesiniň akademiýasynyň agzasy Anna Kaçkaýewa hem-de metbugat habar beriş serişdeleri ulgamynda Russiýa Federasiýasynyň Kommunikasiýalar we aragatnaşyk ministrliginiň bilermenler geňeşiniň agzasy Ýuriý Purgin tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanly ulgama geçirmek baradaky meseleler beýan edildi.

Okuw maslahatynyň jemleýji gününde Öwrenilen neşir; Çap neşirini sanly gurşawa uýgunlaşdyrmak; Hil we tölegli mazmun; Sanly abuna ýazylmak; Maliýeleşdirmek, tehniki goldaw we gazet sahypalaryny ösdürmek; Multimediýa materiýaly we sanly makala düşünjesi; Multimediýa formatlary we sanly gurallar; Sanly makalalary nädip ýazmaly we haýsy usullary ulanmaly hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Degişli teklipler we ýüze çykan sowallar boýunça milli žurnalistler bilen halkara bilermenleriniň arasynda pikir alyşmalar boldy.

Halkara bilermenler bilen bilelikde şeýle okuw sapaklarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatda aýratyn möhümdir. Şol Konsepsiýada döwürleýin metbugat neşirleriň elektron görnüşe geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Metbugat habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçirilmeginiň hem-de häzirki zamanyň sanly ulgama uýgunlaşmagynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň netijeleri boýunça türkmen tarapynyň teswirnamalaryny hem-de pikirleri nazara alyp hödürlenen teklipleri giňeltmek meýilleşdirilýär.

Bu maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilelikde guradylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň