Soňky habarlar

Arhiw

“Yandex” sürüjisiz ulag işläp düzýär

14:5604.06.2020
0
769

Russiýanyň “Yandex” kompaniýasy “Hyundai” kompaniýasy bilen bilelikde sürüjisiz awtoulag tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar. Esasan, internet ulgamynda iş alyp barýan kompaniýa 4-nji nesle degişli bolan sürüjisiz ulagyny köpçülige tanyşdyrdy. “Mobis” modeliniň bazasynda kämilleşdirilýän ulag bilen häzirki wagtda Moskwada synag sürüşleri geçirilýär. Ýylyň ahyryna çenli rus brendi 100 sany “Sonata” modelini hem şeýle tehnologiýa bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Şeýle hem, bu ulaglaryň Tatarystan Respublikasynyň Innopolis şäherindäki robot-taksi maksatnamasynda hem-de ABŞ-nyň Miçigan ştatyndaky flotynda hem peýdalanyljakdygy mälim edildi. “Yandex” ilkinji sürüjisiz ulagyny 2017-nji ýylda tanyşdyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň