Mundan 4 ýyl ozal...

20:3203.06.2020
0
1882

Mundan 4 ýyl ozal, şu gün, has takygy 2016-njy ýylyň 3-nji iýundan boks sportunyň ägirdi, ähli zamanalaryň iň ökde boksçylarynyň hatarynda öňdäki orny eýeleýän Muhammad Ali aradan çykdy. 1942-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Kentuki ştatynyň Luizwill şäherinde dünýä inen Muhammad Ali 18 ýaşynda professional boksa başlaýar. 1960-njy ýylda Rimde Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan Ali şondan soň, tutuş dünýä meşhurlyk gazanyp başlaýar. 1964-nji ýylda Yslam dinine geçip, musulman bolan Muhammad Ali karýerasy boýunça 61 tutluşyk geçirýär. Yslamy saýlamazdan ozalky ady Kassius Kleý bolan Ali şol 61 duşuşygyň 55-sinde ýeňiş gazanýar (37-si nokaut). 5 tutluşykda (3-si karýerasynyň soňky ýyllarynda) ýeňlişe sezewar bolan Muhammad Ali ömrüni jynsparazlyk bilen göreşip geçirýär. 1964-nji, 1974-nji hem-de 1978-nji ýyllarda agyr agramda dünýäniň çempiony bolan Muhammad Ali dürli döwürlerde 4 gezek öýlenýär. 9 çagasy bolan Ali 1981-nji ýylda boks karýerasyny ymykly tamamlaýar. 1984-nji ýylda parkinson keseline duçar bolan Ali ömrüniň soňuna çenli şol kesel bilen ýaşaýar. 1996-njy ýylda Atlantada Olimpiýa oýunlarynda alawy tutaşdyran Ali ähli zamanalaryň iň şöhratly türgenleriniň sanawynda öňdäki orny eýeleýär. Golliwuddaky Şöhratlylar alleýasynda ýyldyzlaryň arasynda-da ady bar bolan Aliniň ady ýere däl-de Muhammad adynyň hormatyna diwara ýazylgydyr. Garşydaşlary bilen taryhy tutluşyklar geçiren we “Kebelek dek perwaz ur, ary kimin çak” diýen öz sözlerini hemişe şygar edip ulanan Muhammad Ali 2016-njy ýylyň 3-nji iýunda 74 ýaşynyň içinde aradan çykýar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň