Soňky habarlar

Arhiw

“Liwerpul” 128 ýaşady

19:4803.06.2020
0
736

Şu gün “Liwerpul” toparynyň esaslandyrylanyna 128 ýyl dolýar. 1892-nji ýylyň 3-nji iýunynda iňlis işewüri Jon Houlding tarapyndan esaslandyrylan klub Angliýanyň iň başarnykly toparlarynyň biridir. UEFA-nyň ýaryşlarynda iň köp kubok gazanan iňlis kluby bolan “Liwerpul” Angliýanyň Ýokary ligasynda 18 çempionlyk gazandy. Çempionat “Premier liga” adyny alaly bäri çempion bolup görmedik “Liwerpul” häzilikçe mejbury arakesme yglan edilen şu möwsümde çempionlykdan bir ýeňiş daşda dur.  Öz duşuşyklaryny 53394 janköýere niýetlenen “Anfield” stadionynda oýnaýan “Liwerpul” häzirki wagtda amerikan kompaniýasy “Fenway Sports Group”-yň eýeçiligindedir. 1896-njy ýyldan bäri gyzyl köýnekçäni geýýän “Liwerpul” toparynyň janköýerleri hemişe diýen ýaly duşuşyk mahaly futbolçylary “You'll Never Walk Alone” atly sena bilen goldaýarlar. 70-e golaý kubok gazanan “Liwerpul” toparynda şu wagta çenli Iýn Raş, Rojer Hant, Gordon Hojson, Kewin Dalgliş, Robbi Fowler, Stiwen Jerrard, Maýkl Owen, Jon Barnes, Kewin Kigan, Jon Toşak, Fernando Torres, Dirk Kuýt, Stiw Makmanaman, Emil Heski, Grem Sunes, Jeými Karrager, Iýn Kallagan, Brýus Grobbelaar, Billi Liddell, Çabi Alonso, Sami Hiýpiýa, Ronni Welan, Emilin Hýuz, Bob Paisli... ýaly futbolyň ägirtleri dürli ýyllarda çykyş etdi. Häzirki wagtda-da germaniýaly Ýurgen Kloppuň tälimç berýän toparynda Mohamed Salah, Sadio Mane, Wirgil Wan Deýk, Roberto Firmino, Jeýms Milner ýaly futbolçylar çykyş edýär. Geçen möwsümde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan “Liwerpul” topary Angliýanyň “Premier ligasynda” ilkinji gezek çempionlygyň bosagasynda dur...

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň