Soňky habarlar

Arhiw

“Barselona” ýaş hüjümçi bilen ylalaşyk gazandy

19:0903.06.2020
0
974

“Barselona” toparynyň köp wagtdan bäri “Interiň” argentinaly hüjümçisi Lautara Martinesi transfer etmek isleýändigi hemmä mälim. Ispan we italýan metbugatynda çykan habarlara görä, “Barselona” bilen Martines ylalaşyk gazanypdyr. Habarda katalon klubunyň 22 ýaşly hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, her ýyly üçin 12 million ýewro tölemäge taýýardygy bellenilýär. Martinesiň bu şertnamany kabul edendigi habarda bellenilýär. Indi, ylalaşmak gezegi klublarda bolup, taraplaryň oýunçynyň transfer bahasy barada ylalaşyk gazanmagyna garaşylýar. “Barselona” 60 million ýewro hem-de goşmaça 2 futbolçy teklip etse, “Inter 80” million ýewro talap edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň