Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Asyr» Ahal welaýatynyň üç obasynda Gün panelleri bilen işleýän aragatnaşyk enjamlaryny gurnady

16:3603.06.2020
0
1322

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Altyn Asyr” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň Çürçüri, Gujurly we Gyzylsakgal obalarynda öýjükli aragatnaşyk enjamlary gurnaldy. Bu barada milli aragatnaşyk operatory habar berýär.

Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, şeýle-de hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, şäher merkezinden 150 kilometir uzaklygynda ýerleşen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň Çürçüri, Gujurly we Gyzylsakgal obalarynda gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwrüji enjamlarynyň kömegi bilen oba ýaşaýjylaryna öýjükli aragatnaşygyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň