Soňky habarlar

Arhiw

“2021 Corolla Hatchback” – 1500 sanysy öndüriler

10:5203.06.2020
0
1079

Dünýäniň iň köp ulag öndürýän kompaniýasy bolan “Toyota”-nyň “Corolla” ulaglarynyň muşdagy az däl. Ýapon kompaniýa bary-ýogy 1500 sanysy öndüriljek “2021 Corolla Hatchback” modelini köpçülige görkezdi. Global bazarda iň köp satylýan modeli bolan “Corolla”-nyň 2019-njy ýylda satuwa çykarylan  dört gapyly heçbek modeli uly islegden peýdalanýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu ulagyň 2021-nji ýyla degişli ýörite nusgasyndan az sanlysyny öndürmegi makul bilipdirler. “Corolla Hatchback Special Edition” atly ulag heçbek diýlip atlandyrylsa-da, yz tarapy “Yaris” modellerindäki ýaly dik däl. Ulagyň motorynyň göwrümi 2 litr, kuwwaty 168 at güýjüne barabar. Öňki tigirleri aýlanýan ulagda mehaniki tizlik geçiriji guty oturdylypdyr. Kompaniýa golaýda “GR Corolla” atly üç silindrli, kuwwaty 257 at güýjüne barabar heçbek modelini hem köpçülige görkezipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň