Soňky habarlar

Arhiw

Jons 1-nji, Ýemelýanenko 4-nji, Habib 6-njy, Makgregor 9-njy

18:5602.06.2020
0
923
Jons 1-nji, Ýemelýanenko 4-nji, Habib 6-njy, Makgregor 9-njy

Amerikanyň meşhur sport teleýaýlymy CBS Sport ähli zamanalaryň iň ägirt MMA urşujylarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda 1-nji orny amerikaly Jon Jons eýeleýär. 2-nji ýerde braziliýaly Anderson Silwanyň ady bar. 3-nji hatary kanadaly urşujy, 39 ýaşyndaky Žorž Sen-Pier eýeleýär. 4-nji ýerde russiýaly Fýodor Ýemelýanenko, 5-nji hatarda amerikaly Demetrius Jonson, 6-njy orunda başga bir russiýaly Habib Nurmagomedowyň ady bar. Braziliýaly Žoze Aldu, amerikaly Daniel Kormie, irlandiýaly meşhur türgen Konor Makgregor, amerikaly Mett Hýuz ilkinji onlugy jemleýän beýleki urşujylardyr.   

 

1. Jon Jons

2. Anderson Silwa

3. Žorž Sen-Pier

4. Fýodor Ýemelýanenko

5. Demetrius Jonson

6. Habib Nurmagomedow

7. Žoze Aldu

8. Daniel Kormie

9. Konor Makgregor

10. Mett Hýuz

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň