“Toyota RAV4 Prime”: bahasy mälim edildi

17:1401.06.2020
0
1033

“Toyota” kompaniýasynyň zarýad berip bolýan gibrid ulagy “Toyota RAV4 Prime” modeliniň bahasy mälim edildi. Şu ýylyň tomus paslynda satuwa çykarylmagyna garaşylýan ulag diňe elektrik energiýasy bilen hereket edýän motory bilen 67 kilometre barabar ýol geçýär. Göwrümi 2,5 litr bolan 4 silindirli motorly ulag 0-100 km/sagat tizlige 5,7 sekuntda ýetýär. Umumy kuwwaty 302 at güýjüne barabar bolan “RAV4 Prime”-yň dört tigri birwagtda aýlanýar. Ulagyň SE we XSE atly iki görnüşi bar. Olar tigriniň ululygy we içki dizaýny babatda tapawutlanýar. Ýolsuz ýerde sürmäge niýetlenen ulagyň bahasynyň 39220 dollardygy mälim edildi. Enjamlaşdyrylyşyna baglylykda onuň bahasy üýtgeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň