Soňky habarlar

Arhiw

“La Liganyň” başlanjak wagty resmi ýagdaýda mälim edildi

14:4730.05.2020
0
1083

Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” 11-nji iýunda başlanjakdygy resmi ýagdaýda habar berildi. Bu barada ozal habar berlişi ýaly, şol gün Andalusiýa derbisi oýnalar. Ýagny Sewilýa şäheriniň iki wekili – “Sewilýa” bilen “Betis” toparlary duşuşarlar. Çempionatyň galan 11 tapgyrynyň duşuşyklary Aşgabat wagty bilen 21:30-da, 23:30-da hem-de 00:00-da başlarlar. Hepdäniň şenbe we ýekşenbe güni bolsa, käbir duşuşyklar 19:30-da başlar. Çempionaty 19-njy iýula çenli tamamlamaklyk göz öňünde tutulýar. Çempionatda 27 tapgyrdan soň, “Barselona” 58 utuk bilen 1-nji, 56 utukly “Real Madrid” 2-nji hatarda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň