Soňky habarlar

Arhiw

PSŽ Ikardini ymykly transfer etdi

14:2330.05.2020
0
845

Möwsümi çempionlyk bilen tamamlan PSŽ topary täze möwsümiň ilkinji transferini hem amala aşyrdy. Pariž şäheriniň wekili tamamlanyp barýan möwsümde özünde kärendesine oýnan argentinaly hüjümçi Mauro Ikardini ymykly düzümine goşmaga taýýarlanýar. Taraplaryň ylalaşyk gazanmagy netijesinde PSŽ topary “Inter” klubuna Ikardiniň transferi üçin 50 million ýewro hem-de goşmaça 7 million ýewro berer. Ikardi şu möwsümde PSŽ-de çempionatda 12, Çempionlar ligasynda-da 5 gol geçiripdi. Aslynda Ikardiniň şertnamasynda 70 million ýewro tölän alyp biler maddasy bardy. Ýöne pandemiýeden soň, ähli oýunçylarda bolşy ýaly Ikardiniň hem transfer bahasy az-owlak peseldi. Netijede, 27 ýaşly Ikardi täze möwsümden başlap ymykly ýagdaýda PSŽ-niň oýunçysy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň