Soňky habarlar

Arhiw

Täze “iPhone XR” peýda bolar

14:0630.05.2020
0
997

Smartfon bazarynyň öňdebaryjy kompaniýasy “Apple” soňky wagtlarda köne modellerini täzeläp satuwa çykarýar. Şu ýylyň güýzünde “iPhone 12”-ni tanyşdyrmaga taýýarlyk görýän amerikan brendi “iPhone XR” modeliniň hem täze nusgasyny çykarar. Kompaniýanyň iň şowly modelleriniň biri bolan “iPhone XR” 2018-nji ýylda satuwa çykarylypdy. Smartfonyň täze görnüşiniň 64 GB ýatly görnüşi 500 dollardan, 128 GB-ly görnüşi 540 dollardan, 256 GB-ly görnüşi 630 dollardan satylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň