Iň köp girdeji gazanan erkek türgenler

12:0130.05.2020
0
1246

“Forbes” žurnaly soňky 12 aýyň dowamynda iň köp girdeji gazanan erkek türgenleriň sanawyny mälim etdi. Sanawda şweýsariýaly tennisçi, eýýämden ady rowaýata öwrülen Rojer Federer 1-nji orny eýeleýär. Ol soňky 1 ýylyň dowamynda 106,3 million dollarlyk gazanç etdi. 38 ýaşyndaky türgen bu sanawda birinji orny eýelän ilkinji tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Sanawda portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo 105 million dollar bilen 2-nji, 104 million dollarlyk gazanç eden Lionel Messi 3-nji orny eýeleýär. Neýmaryň 4-nji bolan sanawynda basketbolçylar – LeBron Jeýms 5-nji, Stefan Körri 6-njy, Kewin Durant 7-nji orna mynasyp boldy. Golfçy Taýgur Wuds 8-nji, amerikan futbolynyň wekilleri Kirk Kazins 9-njy hem-de Karson Wents 10-njy bolup sanawa goşuldy.

 

1. Rojer Federer – 106,3 million dollar

2. Kristiano Ronaldo – 105 million dollar

3. Lionel Messi – 104 million dollar

4. Neýmar – 95,5 million dollar

5. LeBron Jeýms – 88,2 million dollar

6. Stefen Körri – 74,4 million dollar

7. Kewin Durant – 63,9 million dollar

8. Taýger Wuds – 62,3 million dollar

9. Kirk Kazins – 60,5 million dollar

10. Karson Wentz – 59,1 million dollar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň