Arhiw

Ýene bir ýurtda çempion belli boldy

11:2430.05.2020
0
498
Ýene bir ýurtda çempion belli boldy

Iki ýarym aýlyk arakesmeden soň, täzeden badalga alan Serbiýanyň çempionatynda çempion belli boldy. 27-nji tapgyryň çäklerinde “Rad” toparyny myhmançylykda 5-0 ýeňen “Srwena Zwezda” möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda, utugyny 72-ä ýetirip, nobatdaky çempionlygyny yglan etdi. Bu ýeňiş “Srwena” Zwezdanyň taryhyndaky 31-nji çempionlygydyr. Bassyr 3-nji çempionlygyny gazanan “Srwena Zwezda” 27 çempionlygy bolan ezeli bäsdeşi “Partizandan” ýene bir ädim öňe saýlandy. “Partizan” çempionaty bu möwsümde 2-nji hatarda tamamlar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň