Soňky habarlar

Arhiw

5-nji iýunda Türkmenistanda galla oragy başlanar

23:5429.05.2020
0
7676

Minstrler Kabinetiniň  anna güni geçirilen  sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzir gallaçylaryň durmuşynda örän möhüm we jogapkärli döwür — orak möwsümi ýetip geldi. Gallaçylaryň öňünde duran indiki wezipe köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almakdan ybaratdyr diýip belledi. Şeýle-de Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Hormatly ýaşululardan bolsa ýerlerde orak möwsümini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin diýip, hormatly Prezident edermen gallaçylara, ýurduň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklaryň berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.
«Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar!» diýip, milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň