Zelenskiý Berdimuhamedowy Ukraina sapar bilen gelmäge çagyrdy

23:5229.05.2020
0
13256

Ukrainanyň döwlet ýolbaşçysynyň resmi rezidensiýasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä ynanç hatlaryny gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň adyna ýollan salamlaryny, hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenski ukrain tarapynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamlaryny, hem-de Türkmenistanyň halkyna abadanlyk we ösüş baradaky arzuwlaryny ýollady. 

Zelenskiý COVID-19 pandemiýasynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri güýçlendirmek meýilnamalaryna päsgel bermejekdigine umyt bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentini Ukraina sapar bilen gelmäge çagyrdy.  Söhbetdeşler Ukrainanyň we Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň güýçlenmegine gyzyklanma bildirdiler. Gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň