35 ýyl mundan ozal...

18:4929.05.2020
0
2988

Köpleriň söýgüli oýny futbolda wagtal-wagtal pajygaly, gynançly wakalar hem bolup geçýär. Laýyk mundan 35 ýyl ozal şu gün, ýagny 29-njy maýda futbolyň taryhynda ýatdan çykmajak pajygaly waka bolup geçipdi. Bu waka şol wagtky ady Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy (UEFA Çempionlar ligasy) ýaryşynyň finalynda bolupdy. Finalda Italiýanyň “Ýuwentusy” bilen Angliýanyň “Liwerpul” klublary duşuşýar. Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki “Heysel” (“Eýzel”) stadionynda oýnalan finalyň öňüsyrasynda iki toparyň janköýerleriniň arasynda çaknyşyk ýüze çykýar. Bolup geçen bu wakada 39 janköýer aradan çykýar, 600-den gowrak janköýerem şikes alýar. Bu wakalardan 85 minutdan soň, UEFA duşuşygy ýatyrman oýnadýar. Gamgyn ýagdaýda geçen duşuşykda “Ýuwentus” 1-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, bu ýaryşdaky ilkinji kubogyny gamgyn halda baýram edýär. Italýan toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 58-nji minutda penaltiden Mişel Platini geçirýär.

Bu pajygaly wakadan soň, iňlis klublary 5, “Liwerpul” bolsa 6 ýyl UEFA-nyň ýaryşlaryna gatnaşmakdan mahrum edilýär. Birnäçe iňlis janköýeri tussag edilýär. Bu waka-da futbolyň taryhyndaky iň pajygaly, gara wakalaryň biri hökmünde galýar. Her ýyl bolsa, şol wakada aradan çykan 39 janköýer ýatlanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň