Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Innowasiýa taslamalarynyň sergisi” atly taslama bäsleşigi geçirildi

17:0129.05.2020
0
17565

Şu gün – 29-njy maýda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Innowasiýa taslamalarynyň sergisi” atly taslama bäsleşiginiň jemleýji bölümi geçirildi. Taslama bäsleşigine ýokary okuw mekdebiniň ähli fakultetleriniň dördünji ýyla çenli bolan talyplary gatnaşdylar.

Bu bäsleşige taýýarlyk işleri aprel aýynda başlandy: 5 fakultetiň hersinde iň oňat taslamalar üçin içerki ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri uniwersitetde geçirilen “Täzeçillik taslamalarynyň sergisine” gatnaşdylar. Talyplar tarapyndan teklip edilen 500 taslamanyň 100-den gowragy tapawutly işler hökmünde seçilip-saýlandy.

  • Iň oňat programma üpjünçiligi;
  • Iň oňat dizaýn pikiri;
  • Pikiriň iň gowy durmuşa geçirilmegi;
  • Iň oňat daşky gurşaw taslamasy;
  • Iň oňat robot;
  • Iň oňat tehnologiýa.

Uniwersitetiň ylmy işler boýunça prorektory Aýmyrat Muhammedow "Türkmenportal" web neşiriniň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde bäsleşige hödürlenen taslamalar barada has jikme-jik gürrüň berdi:

      – Daşky gurşawyň ekologiki arassalygyny goramak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolansoň, bäsleşige hödürlenen dizaýn ideýalarynyň arasynda “ýaşyl  inženerçilik” we “ýaşyl himiýa” ýaly ugurlar bar. Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän daşky gurşaw meselelerini çözmäge kömek edýär. Robotlara köp üns berilýär: ýaryş üçin 6 dürli görnüş - konweýer robotlaryndan başlap, kyn ýerlerde we adamlar üçin kyn şertlerde hereket edip bilýän robotlara çenli hödürlenýär. Hödürlenýän işleriň arasynda oba hojalygy we biotehnologiýa bilen baglanyşykly pikirler hem bar.

Şu gün uniwersitetiň çäginde geçirilen bäsleşige hödürlenen işler bilen eminler topary tanyşdy.

Ertir – 30-njy maýda emin agzalarynyň gelen netijelerine görä,  ýeňijiler kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň