Angliýanyň “Premier ligasynyň” haçan başlanjakdygy mälim edildi.

15:5429.05.2020
0
850

Janköýerleriň iň söýgüli çempionaty hasaplanýan Angliýanyň “Premier ligasynyň” haçan başlanjakdygy mälim edildi. “Premier liganyň” ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň habar bermegine görä, çempionat 17-nji iýunda başlaýar. Has takygy şol gün, ýagny 17-nji iýunda, çarşenbe güni “Premier liganyň” 28-nji tapgyrdan galan 2 duşuşygy “Aston Willa”–“Şeffild Ýunaýted” bilen “Mançester Siti”–“Arsenal” duşuşyklary oýnalar. Şondan soň adaty 30-njy tapgyryň oýunlary bolsa, 20-nji iýunda geçirilip başlanar. 20-21-nji iýunda oýnaljak oýunlaryň iň esasysy Mersisaýd derbisi bolup, “Ewerton” bilen “Liwerpul” güýç synanyşar. Şeýle-de 30-njy tapgyrda Žoze Mourinionyň häzirki topary “Tottenhem” öz meýdançasynda onuň ozalky topary “Mançester Ýunaýtedi” kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň