Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň çempionaty “Serie A” başlaýar

12:5929.05.2020
0
671

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň 20-nji iýunda çarşenbe güni başlanjakdygy, ondan öňürti ozalky tapgyrlardan galan 4 duşuşygyň 13-nji iýunda oýnaljakdygy habar berildi. Bu barada ýurduň Sport we ýaşlar ministri Winçenzo Spadafora metbugata beýanat berdi. Ol 13-14-nji iýunda kubok ýaryşynyň-da duşuşyklarynyň oýnalyp biljekdigini aýtdy. Şoňa görä, 13-nji iýunda “Werona”–“Kaliari”, “Atalanta”–“Sassuolo”, “Torino”–“Parma” hem-de “Inter”–“Sampdoriýa” duşuşyklary oýnalar. 13-nji ýa-da 14 iýunda-da Kubok ýaryşynyň ýarym finalynyň jogap oýunlarynyň geçirilmegine garaşylýar. Duşuşyklaryň geçiriliş tertibi öňümizdäki günlerde dolulygyna mälim ediler. “Serie A”-da häzirki wagtda 26 tapgyryň duşuşyklary tamamlanyp, “Ýuwentus” 63 utuk bilen 1-nji hatarda barýar. Ondan 1 utugy az “Lasio” 2-nji ýeri eýeleýär.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň