Eliňe sygýan kompýuteriň RAM-y 8 GB

12:4229.05.2020
0
1016

“Raspberry Pi” şereketi islendik ekrana birikdirip ony kompýutere öwrüp bolýan enjamlary işläp taýýarlaýar. Enjamyň “Raspberry Pi 4” atly täze nusgasynyň ýady giňeldilipdir. Mundan ozal “Raspberry Pi 4”-iň 2 GB we 4GB RAM-ly görnüşleri bardy. Täze enjam “smartfonlardan hem kiçi kompýuter” diýlip tanyşdyryldy. Bu kompýuterde Wi-Fi, Bluetooth ýaly baglanyşyklar hem göz öňünde tutulypdyr. “Raspberry Pi 4”-iň täze nusgasynyň bahasynyň 75 dollardygy mälim edildi. Deňeşdirmek üçin: 2 GB RAM-ly nusgasy 35 dollardan, 4 GB RAM-ly nusgasy 55 dollardan satylýar. Ýeri gelende aýtsak eliň aýasyna sygýan enjamy islendik ekrana birikdirmek arkaly ony kompýuter hökmünde ulanyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň