Soňky habarlar

Arhiw

«Diller dünýäsiniň» «Smart Lab» gurnagy matematikany söýäýnleriň sanyny artdyrýar

21:3628.05.2020
0
883

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Diller dünýäsi» dil merkeziniň matematika gurnagy gysga wagtda uly we kiçi herkimiň ünsüni özüne jemlemegi başardy ― diýip, «Ashgabat.in» ýazýar.

Matematika dersini okuwçylara söýdürmek maksady bilen açylan “Smart Lab” gurnagy bu dersiň diňe gyzykly taraplaryny öwrenmek bilen galman, paýtagtdaky ýokary okuw jaýlarynyň “Açyk gapylary” günlerine-de gatnaşyp, bu okuw jaýlary barada maglumat edindiler.

Gurnagyň soňky duşuşygyna bolsa örän arzyly myhman gatnaşdy. Halkara himiýa olimpiýadalarynyň laurety, Massaçusets Tehnologiýa institutynyň uçurumy Gadam Myratgeldiýew ýaş ylymsöýerler bilen duşuşdy. Duşuşykda ýaşlar ylmyň, bilmiň soňky gazananlary we dünýä tejribesi barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň