Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun Aziýanyň iň gymmat üçünji futbolçysy

21:1528.05.2020
0
1174

«Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýän aziýaly futbolçylaryň ikisiniň ― Serdar Amunyň we Eldor Şomurodowyň Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryna transfer bolmaga mümkinçiligi uly. Russiýada özüni görkezen iki hüjümçiniň hem transfer bahasy ýokarlandy. Olar Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçylarynyň ilkinji 20-ligine girýärler» diýip, «Sportbox» ýazýar.

«Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmunyň tranfer bahasy ol Sankt-Peterburgyň toparyna geçäýen günlerinde 9 milliondan 18 million ýewro çenli göterilipdi.  Ýöne koronowirus pandemiýasy sebäpli, onuň bahasy häzir 14,5 million ýewro çenli ýene-de peseldi. Şeýle-de bolsa, eýranly türkmen «Transfermarkete» görä, häzir iň gymmat aziýaly futbolçylaryň arasynda üçünji orny eýeleýär.

24 ýaşly özbegistanly hüjümçi Eldor Şomurodowa bolsa 5,2 million ýewro baha kesilýär. Ol yklymyň gymmat bahaly futbolçylarynyň sanawynyň 18-nji ornunda ýerleşýär. «Rostowa» 750 müň ýewro baha bilen gelen futbolçynyň bahasy pandemiýa döwründen öň 6 million ýewro çenli baryp ýetipdi.

Ýeri gelende aýtsak, Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşymyz Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysynyň we «Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn Min yklymyň iň gymmat bahaly futbolçydyr. «Transfermarket» onuň bahasyny 64 million ýewro möçberinde görkezýär. «Portunyň» ýaponiýaly ýarym goragçysy Sýoýa Nakadzima bolsa 16 million ýewrolyk bahasy bilen ikinji orunda görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň