Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 11-nji tapgyr: «Merw» ýene ýeňilmedi, «Energetik» ikinji ýeňşini gazandy

19:0228.05.2020
0
816

27-nji maýda geçirilen iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyryna badalga berildi ― diýip, TFF-niň resmi saýty ýazýar.

Paýtagtymyzda Marynyň “Merwini” kabul eden “Aşgabat” 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu duşuşykdan soň utugyny 16-a ýetiren paýtagtymyzyň topary ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçmegi başardy.

Maryda Balkanabadyň “Nebitçisini” kabul eden “Energetik” hem üstünlik gazandy. Ýerli topar garşydaşyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Futbol çempionatymyzyň 11-nji tapgyry 28-nji maýda “Şagadam” – “Ahal” hem-de “Köpetdag” – “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen dowam eder.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Aşgabat” – “Merw” – 1:1

Gollar: 80 Boris Iwanow ― 33 Perman Hallyýew.

 

“Energetik” – “Nebitçi” – 5:1

Gollar: 22 Meýlis Rizaýew, 23 Maksat Atagarryýew, 45, 11 m.j.u. Begli Meredow, 72 Muhammet Astanow, 75 Rehmet Şermetow ― 52, (11 m.j.u.) Merdan Gurbanow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň