Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar ligasy ― 2020: «Altyn asyr ― 2» ilkinji gezek ýeňildi

18:5228.05.2020
0
763

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda «Köpetdag» hem-de «Altyn Asyr» toparlarynyň ýaşlar düzümi güýç synanyşdylar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu duşuşyk garaşylmadyk ýagdaýda «Köpetdag II» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Öz meýdanynda 3:2 hasabynda üstün çykan «Köpetdag II» toplan 21 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär.

30 utugy bolan «Altyn Asyr II» toparynyň ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Futbol birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy 28-nji maýda geçirilip, onda «Energetik II» – «Nebitçi II» toparlary duşuşarlar.

 «Şagadam II» – «Ahal II» toparlaryň arasyndaky bu tapgyryň duşuşygy 20-nji iýuna süýşürildi.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 «Köpetdag II» – «Altyn Asyr II» – 3:2

Gollar: 7 Röwşen Begjanow, 37 Salim Umarow, 90, (11 m.j.u.) Arzuw Allaberdiýew – 49, 87 Oraz Orazow.

Bellik: Duşuşygyň 45-nji minutynda «Altyn Asyr II» toparynyň oýunçysy Şamämmet Hydyrow 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň