“Samsung” bank kartyny tanyşdyrdy

16:5828.05.2020
0
1153

“Samsung” kompaniýasy täze “Samsung Money” atly bank kartyny tanyşdyrdy. “Samsung Pay” töleg ulgamy bilen sazlaşykly işlejek bu kart dürli töleg işlerinde ýeňillik döredýär. Ilkinji nobatda, ABŞ-da hödürlenjek kart üçin müşderilerden hiç hili töleg talap edilmeýär. “Samsung Money” kartynyň haryt satyn alnanda arzanlaşyk hödürleýändigi bellärliklidir. Şeýle hem, müşderiniň eden söwdasynyň mukdaryna görä, kartda bal toplanýar. Bu ballar belli bir derejä ýetenden soňra “Samsung” harytlaryny satyn alnanda goşmaça arzanlaşyk hödürlenýär. Mundan ozal, “Apple”, “Venmo” we “Uber” ýaly kompaniýalar hem bank kartlaryny müşderilerine hödürläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň