Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Russiýanyň Energetika ministrlikleriniň arasynda onlaýn maslahat geçirildi

10:3428.05.2020
0
11445

Türkmenistanyň Energetika ministrliginde geçirilen onlaýn duşuşykda «Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň» taslamasyny taýýarlamak esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy ― diýip, TDH ýazýar.

Gepleşikleriň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýa bilen ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.

Elektroenergiýany üstaşyr geçirmek we eksport etmek babatda geljek üçin niýetlenip amala aşyrylýan we meýilleşdirilen taslamalaryň pudagyň serişde kuwwatyny göz öňünde tutup, iki döwletiň anyk özara hereket etmegi hem-de hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy üçin elektroenergetikada oňat mümkinçilikler bar.

Hususan-da, munuň özi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy, şeýle hem Merkezi Aziýanyň elektroenergetika ulgamyny baglaşdyrmak, 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň umumy elektroenergetika bazaryny döretmek boýunça taslamalara we beýlekilere degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň