Türkmenistanyň iri nebitgaz edaralary Fransiýanyň «Total» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

22:2627.05.2020
0
8241

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, TDH ýazýar.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalary nazarda tutulyp, Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geologiýa-barlag işlerini, seýsmiki barlaglary geçirmek, känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de kenarýaka zolaklardaky känleri senagat taýdan özleşdirmek, uglewodorodlaryň gazylyp alnyşyny işjeňleşdirmek, gaz we nebithimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gazulag düzümlerini ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.

Şunda pudaga täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň ileri tutulýan derejede uly ähmiýet berýän hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň