Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «EKSPO ― 2020-niň» 2021-nji ýyla geçirilmegini goldady

22:1827.05.2020
0
5632

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň dünýä derejesindäki gözden geçirilişlere gatnaşmagynyň olara gelýän köp sanly adamlara ýurdumyzyň häzirki zamandaky gazananlary, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berip, öndürilýän harytlaryň, önümleriň hem-de hyzmatlaryň dünýä bazarlarynda ýerlenilmegine, hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam edýändigi bellenildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýlaryny nazarda tutup, «EKSPO — 2020-niň» geçirilmegini geljek ýyla geçirmek boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň öňe süren başlangyjyny ýurdumyzyň goldandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, guramaçylyk meselelerine garaldy.

Taraplar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler göz öňünde tutulyp, işewür gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş etdiler. Geljek ýyl ýurdumyzyň Bütindünýä forumyna gatnaşmagynyň dürli pudaklarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem ýardam etjekdigi nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň