ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejilere bagyşlanan onlaýn maslahat geçirdi

20:4927.05.2020
0
6229

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan geňeşmeler jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň (EAG) çäklerinde berilýän milli hasabatlary taýýarlamagyň möhüm ugurlaryna bagyşlanyldy.

Duşuşyga gatnaşmaga ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hünärmenleri çagyryldy. Olaryň işi maliýe gözegçiligini üpjün etmäge hem-de terrorizmi maliýeleşdirmäge garşy hereket etmäge gönükdirilendir.

EAG pullaryň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreşmegiň maliýe ugurlaryna degişli çäreleri işläp taýýarlaýan toparyň sebitleýin birleşmesi we assosirlenen agzasy bolmak bilen, halkara terrorçylygyň howpuny peseltmekde, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, aýdyňlygy, ygtybarlylygy hem-de agza döwletleriň maliýe ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistan şu meselede hem işjeň orny eýeläp, tagallalaryň birleşdirilmegi, pullary kanunylaşdyrmak boýunça maliýe işleriniň ýüze çykarylmagy we öňüniň alynmagy, howpsuzlyga ýetirilýän zyýany, şol sanda guramaçylykly jenaýatçylygy, terrorçylygy, radikalizmi hem-de ekstremizmi ýok etmek üçin ýeke-täk toplumlaýyn çemeleşmäniň işlenilip taýýarlanylmagy ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli kanunçylyk binýadymyz yzygiderli kämilleşdirilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribeleriň we maglumatlaryň alşylmagy ýola goýulýar, hereket edýän halkara ölçegler hem-de öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň