Soňky habarlar

Arhiw

“Inter” 1 günde 2 kubok aldy, “Real Madrid” 2 finalda utuldy

19:5327.05.2020
0
931

Şu gün 27-nji maý. UEFA Çempionlar ligasynyň taryhyna seredenimizde, şu günki günde dürli ýyllarda 5 final duşuşygy oýnalypdyr. Şolaryň 2-sinde “Inter” topary çempionlyk gazanan bolsa, “Real Madrid” dürli ýyllarda 2 gezek finalda ýeňilýär. “Inter” topary 1964-nji ýylda “Real Madridi” 3-1 ýeňýär. Duşuşykda italýan futbolynyň şol wagtky ýyldyzy Sandro Mazzola 2, Milani 1 gezek tapawutlanýar. “Real Madridiň” ýeke-täk goluny bolsa Felo derwezä girizýär.  

1965-nji ýylyň 27-nji maýynda bolsa, “Inter” topary “San Siro” stadionynda, ýagny öz meýdançasynda oýnalan finalda “Benfikany” Žair de Kostanyň ýek-täk goly bilen ýeňlişe sezewar edip, bassyr 2-nji kubogyny asmana göterýär.

“Real Madrid” topary 1964-nji ýyldaky finaldan soň 1981-nji ýylyň 27-nji maýynda-da Pariždäki finalda utulýar. Ispan toparyny bu gezek iňlisleriň “Liwerpul” kluby Alan Kennediniň goly bilen 1–0 ýeňýär.

Şeýle-de şu günki günde 1987-nji ýylda “Porto” Wenada oýnalan finalda “Bawariýany” soňky minutlarda geçiren 2 goly bilen 2-1 ýeňip, ilkinji çempionlygyny gazanýar.

2009-njy ýylyň 27-nji maýynda Rimdäki Olimpiýa stadionynda oýnalan finalda “Barselona” topary 2008-nji ýylyň çempiony “Mançester Ýunaýtedi” Eto’o we Messiniň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň