Soňky habarlar

Arhiw

Bahasy arzan, hili ýokary

19:5027.05.2020
0
2209

“Realme” brendi bilen täze “akylly” goşar sagady tanyşdyryldy. “realme Watch” atly enjam “Apple Watch” sagatlaryna meňzeýär. 320 x 320 piksel durulygynda 1,4 dýuýmlyk ekrany bolan enjam daşky täsirlere garşy “Corning Gorilla Glass 3” aýnasy bilen goralypdyr. Sagat gündelik durmuşda hereketleriňi hem hasaba alýar. Kuwwaty 160 mAh-a barabar bolan batareýa sagadyň 7 günläp ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Sagat ilki bilen Hindistanda satuwa çykarylar. Suw geçirmeýän sagadyň bahasynyň 53 dollardygy aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň