Soňky habarlar

Arhiw

“Xiaomi” 6G we hemra internetini kämilleşdirýär

19:4127.05.2020
0
874

“Xiaomi” kompaniýasy internet aragatnaşygynyň 6-njy neslini hem-de emeli hemralar arkaly hödürlenýän internet tehnologiýasyny kämilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Lei Jun emeli hemra arkaly iki taraply internet hyzmatyny ýola goýmak üçin ösen aragatnaşyk hyzmatlaryny işläp taýýarlaýandyklaryny mälim etdi. Şeýle hem, “Xiaomi” häzirki wagtda 5G telefonlaryny hem öndürýär. Kompaniýa 5G üçin 35 million dollar maýa goýum özleşdiripdir. Kompaniýa Hytaýda ýylyň ahyryna çenli 4G enjamlarynyň önümçiligini bes edip, 5G telefonlara has köp maýa goýmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem kompaniýa jisimleriň interneti ýaly ösen tehnologiýalara hem maýa goýum goýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň