Soňky habarlar

Arhiw

“2021 BMW 5” seriýasynyň täze görnüşleri tanyşdyryldy

19:3227.05.2020
0
1756

BMW kompaniýasynyň 2021-nji ýyla degişli 5-nji seriýasyna degişli ulaglary tanyşdyryldy. Olaryň arasynda gibrid ulaglar hem bar. Nemes brendiniň orta derejeli sedany hasaplanýan 5-nji seriýanyň gibrid we “plug-in” gibrid ulaglary 3-nji seriýa degişli modellerine meňzeýär. Ulaglaryň daşky şekili o diýen köp üýtgedilmändir. Ulaglaryň çyralarynyň şekiliniň üýtgedilendigi ünsüňi çekýär. Owadan we göni gyraly LED çyralar 3-nji seriýanyň ulaglaryna meňzeýär. Täze ulaglardan “530i” modeli 54200 dollardan, gibrid 530e modeli 57200 dollardan we “540i” modeli 61750 dollardan satylar. Bu modelleriň islendigine “xDrive” atly dört tigirini aýlaýan ulgam goşulanda, onuň bahasy 2300 dollar artýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň