Pekindäki «Parahatçylyk bagy» muzeýinde Türkmenistanyň sergisi guraldy

13:3127.05.2020
0
6947

Şu ýylyň 13 ― 26-njy maýy aralygynda Pekindäki Parahatçylyk bagy muzeýinde Türkmenistanyň milli sergisi görkezildi. Bütindünýä muzeýler gününiň çäginde geçirilen dabara ýerli guramalaryň üçüsi tarapyndan taýýarlanyldy.

Dabara Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Sergi Türkmenistan barada gürrüň berýän gymmatlyklaryň birnäçesini öz içine aldy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň medeni miras gymmatlyklaryna goşulan ýadygärlikler barada gürrüň berýän bölümlere gyzyklanmalar has uly boldy. Dabaralara gatnaşyjylar türkmen tagamlary bilen hem tanyşdylar.

Hytaý tarapynyň haýyşy bilen muzeýiň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri sowgat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň