Soňky habarlar

Arhiw

“Bawariýa” çempionlyga bir ädim golaýlady, “Baýerden” garaşylmadyk ýeňliş

11:3627.05.2020
0
740

Germaniýanyň “Bundesligasynda” 28-nji tapgyrda sanawyň 1–2-nji hataryndaky toparlar – “Bawariýa” bilen “Borussiýa Dortmund” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmançylykdaky “Bawariýa” 1–0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Münhenlilere ýeňiş getiren ýeke-täk goly 43-nji minutda owadan urgy bilen Joşua Kimmih derwezä girizdi. Şunlukda bu ýeňişden soň, “Bawariýa” aratapawudy 7  utuga çykaryp, möwsümiň tamamlanmagyna 6 tapgyr galanda, çempionlyk ugrunda uly ädim ätdi.

28-nji tapgyryň düýnki oýnalan duşuşyklarynda garaşylmadyk netijeleriň biri hasaba alyndy. Öňdäki 4-lüge düşmek üçin göreşýän “Baýer” topary öz meýdançasynda “Wolfsburgdan” 4–1 asgyn geldi. Bu ýeňlişden soň, “Baýer” 5-nji orna düşdi. “Wolfsburga” ýeňiş getiren gollary Pongraçiç (43, 75) Arnold (64) hem-de Şteffen (68) derwezä girizdi. Şeýle-de “Werder” bilen “Borussiýa M” toparlary golsuz deňme-deň oýnadylar. “Aýntraht” bilen “Fraýburgyň” arasyndaky oýunda janköýerler 6 goluň şaýady bolsalaram, duşuşykda ýeňiş gazanmak iki topara-da başartmady. Duşuşyk 3-3 (Andre Silwa 35, Kamada 79, Çandler 82 – Grifo 28, Petersen 67, Heler 69).

“Bundesligada” 28-nji tapgyryň galan duşuşyklary şu gün oýnalar.

“Leipsig” – “Herta” (21:30)

“Hoffenhaým” – “Köln” (23:30)

“Fortuna” – “Şalke” (23:30)

“Augsburg” – “Paderborn” (23:30)

“Union” – “Maýns” (23:30)   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň