Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 10-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar

19:4326.05.2020
0
805

Tapgyryň esasy aýratynlygy:

Her bäş tapgyrda biri: Şu ýyl her bäş tapgyrdan bir awtogol geçirilýär. 5-nji tapgyrda «Altyn asyrdan» Röwşengeldi Halmämmedow, bu tapgyrda bolsa «Energetikden» Meýlis Rizaýew öz derwezesine pökgi geçirdi.

3 täze golçy: Möwsümde tapawutlananlaryň sanawyna bu tapgyrda üç futbolçy goşuldy. Şeýlelikde, möwsümde jemi 47 futbolçy tapawutlandy.

Üç duşuşykda 7 gol: Tapgyrda derwezelere 7 pökgi geçirildi. Ätiýaçda bir duşuşygyň hem bardygyny aýtmak gerek.

Möwsümde 85 gol: Tutuş möwsümde geçirilen gollaryň sany 85-e çykdy.

 

«Aşgabat» – «Energetik» – 1:0

Gol: 12 Meýlis Rizaýew, öz derwezesine.

Ikinji awtogolçy: Meýlis Rizaýew şu möwsümde öz derwezesine pökgi geçiren ikinji futbolçydyr.

 

«Nebitçi» – «Köpetdag» – 2:1

Gollar: 38 Aşyrgeldi Ylýasow, 54 Kerim Hojaberdiýew ― 23 Resul Mahmudow.

Ilkinjileriň duşuşygy: Duşuşykda tapawutlanan futbolçylaryň üçüsi hem möwsümdäki ilkinji goluny geçirdiler.

Ylýasow ― ilkinji bäşlikde: 2013-nji ýyldan bäri «Nebitçiniň» hatarynda Ýokary ligadaky 18-nji goluny geçiren Aşyrgeldi Ylýasow şol möwsümden bäri toparda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi.

 

«Merw» – «Ahal» – 3:0

Gollar: 30, 38 Perman Hallyýew, 90 Alibek Abdyrahmanow.

Bellik: duşuşygyň 61-nji minutynda Elman Tagaýew («Ahal») 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Mümkinçilik başa barmady: Bu duşuşykda ýeňiş gazanyp, «Ahal» ýene ýaryşyň başyna geçip biljekdi. Ýöne netije «Merwi» altynjy orna çykardy.

10 utukly bäşinji topar: Möwsümde gazanan utuklarynyň sanyny 12-ä çykaran «Merw» 10 utuklyk sepgide ýeten altynjy topar boldy.

Bassyr ikinji ýeňiş: «Merw» bassyr ikinji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, şu ýyl dört ýeňiş gazanan topar şolaryň üçüsini öz meýdanynda gazandy.

Hallyýewden hüjüm: Soňky iki duşuşykda üç gezek tapawutlanan Perman Hallyýew möwsümde iň köp pökgi geçirenleriň sanawynyň ilkinji dörtlügine girdi.

Ilkinji şowsuzlyk: Bombardirlik ýaryşynda ornuny Altymyrat Annadurdyýewe aldyran Elman Tagaýew ilkinji gezek 11metrlik jerime urgusyny hem dürs ýerine ýetirip bilmedi.

1100-nji utuk: Ýokary liganyň ilkinji möwsüminden bäri çykyş edip gelýän «Merw» çempionatda gazanan utuklaryny 1102-ä çykardy.

 

«Altyn asyr» ― «Şagadam» (Duşuşyk 17-nji iýuna geçirildi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň