Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidentiniň türkmen Liderine ýollan haty

11:1825.05.2020
0
1023

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah Türkmenistanyň Prezidentiniň adynda mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Gutlagda şeýle diýilýär:

“Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň adyndan we öz adymdan Size hem-de Siziň maşgalaňyza mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, Beýik Allatagala COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ýagdaýlarda bize güýç-gaýrat we sabyrlylyk bersin! Biz Türkmenistanda bu ýokanjyň ýeke ýagdaýynyň hem bolmandygyny eşidip, örän begendik. Siziň ajaýyp ýurduňyzda täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Siziň ýolbaşçylygyňyzda zerur ähli çäreleriň görlendigine biz oňat düşünýäris.

Pursatdan peýdalanyp, 2021-nji ýylyň 21 — 30-njy maýynda Bangkok we Pattaýýa şäherlerinde (Tailand) Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlarynyň guraljakdygyny habar bermek isleýärin. Aziýanyň Olimpiýa geňeşi hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlaryň 45-si 2017-nji ýylyň sentýabrynda ajaýyp Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ajaýyp guralandygyny häzire çenli unutmaýarlar hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we ähli agzalarymyzyň adyndan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanda geçirilen şol oýunlaryň üstünlikli bolmagyna goşan uly goşandyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Hormatly Prezident!

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşulan milli göreşi ösdürmäge bolan uly gyzyklanmaňyzy, şeýle hem Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasyndaky dowamly we ýakyn gatnaşyklary nazara almak bilen hem-de V Aziýa oýunlarynyň dowamly mirasyna öwrülmegi hem-de Aziýa yklymynda sportuň bu görnüşini has-da ilerletmek we ösdürmek üçin men milli göreşi 2021-nji ýylda Tailandda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlarynyň resmi sport maksatnamasyna goşmak kararyna geldim.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de parasatly ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmekde täze üstünlikleri arzuw edýärin.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň