Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan sergi açyldy

02:0124.05.2020
0
1353

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, «Aşgabat ak şäherim — ak bagtym» atly sergi açyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Onuň açylyş dabarasyna muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.

Serginiň ekspozisiýasy iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümi Aşgabadyň taryhyna bagyşlanypdyr. Onda Köne Nusaýyň çäginde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar ýerleşdirilipdir. Ekspozisiýada geçen asyryň 20 — 50-nji ýyllarynyň dokumental fotosuratlary goýlupdyr, olarda köne Aşgabadyň keşbi görkezilýär. Serginiň ikinji bölüminde Aşgabadyň häzirki zaman ajaýyp desgalarynyň, seýilgähleriniň we suw çüwdürimleriniň suratlaryny görmek bolýar. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizlen Oguz han we onuň ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütüniniň, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň, şeýle-de ýene-de birnäçe binalardyr desgalaryň fotosuratlarynyň ýerleşdirilmegi serginiň many-mazmunyny artdyrýar.

Sergide paýtagtymyzyň gözel keşbini açyp görkezýän halylara, fotosuratlara, surat eserlerine, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik eserlerine uly orun berilýär. Gelin-gyzlarymyzyň dürli ýyllarda ussatlyk bilen döreden, «Garaşsyzlyk binasy», «Aşgabat binasy», «Ak şäherim Aşgabat» diýlip atlandyrylan ajaýyp el halylary serginiň özboluşlylygyny artdyrýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň