Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan taraplaryň döwlet pajyna gaýtadan seredildi

00:4424.05.2020
0
1182

Wise-premýer G.Müşşikow 22-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine işi ygtyýarlylandyrmagy guramagy kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Hususan-da, «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ygtyýarlylandyrylan düzümleriň sanawyna, işleriň görnüşlerine we döwlet pajynyň möçberlerine gaýtadan seredildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň we bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde bu ulgamda kadalaşdyryş namalarynyň täzelenmeginiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ygtyýarlylandyrmagyň degişli talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň