Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Türkmenistanda pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda» Karara gol çekdi

00:3824.05.2020
0
2121

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 22-nji maýda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowyň önümleri eksport edýän edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan walýuta serişdelerini düzgünleşdirmek barada ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatyny diňledi. Bu barada TDH habar berýär.

Bu ugurda geçirilen işleriň jemleri boýunça pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ätiýaçlyk goruň serişdelerini Merkezi bankda toplamak hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, döwletiň paýynyň gatnaşmagynda döredilen ähli edara görnüşli taraplaryň daşary ýurt pulundaky girdejilerini bu gora geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu toplumyň düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz häzirki şertlerde maliýe ulgamynda dolandyryşyň döwrebap usullaryny ulanmagyň, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we eksporta iberilen harytlaryň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hasabyna gelip gowşan serişdeleriniň ulanylyşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany «Pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda» hödürlenen Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany elektron dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de öňde goýlan wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň