Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Ýaşlar ligasy ― 2020: «Altyn asyryň» ýaşlary 10-njy duşuşygynda 10-njy ýeňşini gazandylar

23:2323.05.2020
0
6241

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 10-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» toparynyň ýaşlar düzümi Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny kabul etdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan hüjüm futboluny öňe süren Aziz Kambarowyň tälim berýänleri myhman topary 6:1 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Şeýlelikde, geçiren 10 duşuşygyň hemmesini hem ýeňiş bilen tamamlan «Altyn Asyr II» ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär.

Ikinji orny 21 utugy bolan «Nebitçi II», üçünji orny bolsa  18 utuk toplan «Köpetdag II» topary eýeleýärler.

Futbol birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary 26-njy hem-de 27-nji maýda geçiriler: «Aşgabat II» – «Merw II», «Energetik II» – «Nebitçi II», «Şagadam II» – «Ahal II», «Köpetdag II» – «Altyn Asyr II».

Geçirilen duşuşygyyň netijesi:

 «Altyn Asyr II» – «Şagadam II» – 6:1

Gollar: 18, 56 Nurmyrat Rozyýew, 27, 66 Şamämmet Hydyrow, 39 Annasähet Annasähedow, 45 Rahman Myratberdiýew ― 63 Ismail Şihalyýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň